Çehiýanyň prezidenti şikes bilen hassahana ýerleşdirildi

  • 26.08.2020 22:25
  • 8.9k+

Eline şikes ýetendigi sebäpli Pragada Merkezi harby hassahanasyna Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman ýerleşdirildi we ol operasiýa etdirmeli bolar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Döwlet ýolbaşçysynyň metbugat-kätibi Ýirži Owçaçek syýasatçynyň janynyň howp astynda däldigini, onuň maşgalasy we döwlet edarasynyň işgärleri bilen aragatnaşykda bolýandygyny habar berdi. Ol Miloş Zemanyň täzelikleri göreninden soň, kürsüden turmakçy bolanda elini döwendigini aýtdy.

“Jenap prezident agşam telewizorda täzelikleri gördi, täzelikler gutaransoň, turmakçy bolanda özüniň hasasyndan ýa-da goragçynyň kömeginden peýdalanmady, netijede ol büdräp, sag elini döwdürdi” – diýip, Owçaçek düşündirýär.

2020-nji ýylyň fewralynda Zeman hassahanada barlagdan geçdi, şundan soň žurnalistlere özüniň “doly derejede sagdyndygyny” mälim etdi.
70 ýaşly çeh prezidenti öň aýak keselinden zeýrenýärdi, şonuň üçin ol hasaly ýöreýär. Mundan başga-da, onda 2019-njy ýylda pes arterial basyşa we soňky iki ýylyň içinde onuň 20 kg horlanandygy sebäpli organizmiň guramagyna ýykgynlygyň bardygy anyklanyldy.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......