R.Meredow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Awstriýanyň ilçisi bilen söhbetdeşlik geçirdi

  • 26.08.2020 08:21
  • 12k+

25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Ilçi G.Saýller öz gezeginde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.

düýn 22:54
599

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......