«Türkmenistan» DTB maldarçylyk hojalyklaryny ösdürmek üçin karz berýär

  • 25.08.2020 16:19
  • 15k+

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky raýatlara bölünip berlen ýerlerde hususy hojalygy alyp barmak üçin kiçi göwrümli karzlary (mikrokarz) hödürleýär diýip, «Maru-şahu-Jahan» gazeti habar berýär.

Ýyllyk 10 göterimli, 3 ýyla çenli möhletli (alty aýlyk ýeňillikli döwür bilen) 30,000 manata çenli karz raýatlara oba hojalygyny, maldarçylygy, oba hojalyk önümleriniň we ýerli çig mallaryň önümçiligini ösdürmek maksady bilen, esasy we dolanyşyk kapitalyny edinmegi üçin bölünip berilýär. Karzyň şertleri - tölege ukyply adamyň kepil geçmegi ýa-da emlägiň girew goýulmagy.
Karz almak üçin «Türkmenistan» DTB-niň merkezi edarasyna, şeýle hem şahamçalaryna ýüz tutmaly.
«Türkmenistan» DTB-niň merkezi edarasynyň telefon belgisi: 44-02-65.
Şahamçalaryň salgylaryny bankyň web sahypasyndan almak mümkin.

şu gün 12:28
661

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...

şu gün 12:24
537

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...

şu gün 11:58
1.9k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

şu gün 11:24
799

Sanly hyzmatlary eksport edýän iň iri ýurtlaryň sanawy düzüldi: bazaryň göwrümi 4,8 trillion dollara ýetdi

Geçen ýyl dünýäde sanly hyzmatlaryň eksporty 4,8 trillion dollara ýetdi. Bu görkeziji global hyzmatlar eksportynyň umumy göwrüminiň üçden iki böleginden gowragyny düzýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä düzülen 30 sany öňdebaryjy ýurduň sanawynda ABŞ birinji orny eýeledi...