Donald Tramp Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi

  • 23.08.2020 11:20
  • 45k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Hatda amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli Türkmen Lideriniň iberen gutlag sözleri üçin hoşallyk bildirilýär.

«4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir. Biz Garaşsyzlyk gününi baýram etmek bilen, Amerikanyň taryhynda ýaşaýyş, azatlyk we bagta ymtylmak baradaky aýrylmaz hukuklary kepillendirmegiň hatyrasyna özlerini pida edenlere hormatymyzy bildirýäris» diýlip hatda bellenilýär.

«Biz hemişe dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyna ymtylýarys hem-de gymmatlyklarymyzyň we maksatlarymyzyň geljekde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklaryň öňünde bilelikde işlemek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Şeýle hem biz dünýäniň ähli adamlary üçin parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we sagdynlygyň gazanylmagyny maksat edinýäris» diýip Tramp belleýär.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......