Londonda internet tizliginiň täze rekordy goýuldy

  • 22.08.2020 08:40
  • 12k+

Beýik Britaniýadan hünärmenler sekuntda akla sygmajak 178 terabite (Tbit/s) ýetmegi başardylar, netijede internet arkaly maglumatlary iberme tizliginiň rekordy täzelendi. Bu barada rueconomics.ru habar berýär.

Ol bar bolan optika süýümli tolkunlaryň ulanylmagy bilen bellige alyndy. Onuň üsti bilen maglumatlaryň köp bölegini ibermek üçin KDDI Research kompaniýasynyň, Londonyň uniwersitet kollejiniň hem-de Xtera kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan täze tehnologiýalar işlenip düzüldi.
Şu günki günde iň tiz internete Ýaponiýanyň ýaşaýjylary eýe. Ýaponiýada maglumatlary 10 Gbit/s tizlik bilen ibermek bolýar. Britan innowasion tehnologiýalary bu görkezijini 9 TGs çenli artdyrmaga mümkinçilik berdiler. Şeýlelik bilen, Londonda internetiň dünýäde iň ýokary tizligi bellige alyndy.
Ylmy iş barada doly maglumatlary “IEEE Photonics Technology Letters” žurnaly neşir etdi. Materiala laýyklykda, alymlara tolkunlaryň uzynlygynyň fazasyny, ýagtylygyny we polýarizasiýasyny üýtgedýän signallaryň sazlaşygyny kämilleşdirmek başartdy. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, olar signaly ibermekde ýokary tizligi beren ähli bar bolan tehnologiýalary birleşdirmek arkaly gibrid ulgamyny döretmegi başardylar.
ABŞ-nyň Energetika ylymlarynyň tory tarapyndan taýýarlanylan birleşme 400 Gbit/s maksimal tizlige ýetýär.

düýn 10:31
5.8k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......