«PSŽ» ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 19.08.2020 14:18
  • 7.5k+

«Pari Sen-Žermen» futbol klubynyň oýunçylary «RB Leýpsig» nemes klubyny 3:0 hasabynda ýeňdiler we taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň final tapgyryna çykdylar.

Duşuşykda Markinýos (13-nji min), Anhel Di Mariýa (42) we Huan Bernat (56) gol geçirdiler. «PSŽ» bu ýaryşyň final tapgyryna çykmagy başaran bäşinji fransuz klubydyr.
Öň, Çempionlar ligasynyň final tapgyryna «Reýms» (1956,1959), «Sent-Etýen» (1976), «Marsel» (1991, 1993) we «Monako» (2004) klublary çykmagy başarypdy.
Final tapgyrynda «PSŽ-niň» garşydaşy şu gün agşam duşuşyk geçirjek fransuz «Liony» bilen mýunheniň «Bawariýasynyň» ýeňijisi bolar.
Çempionlar ligasynyň finaly Portugaliýanyň paýtagtynda 23-nji awgustda geçiriler.

şu gün 18:26
842

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

şu gün 11:50
3.6k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

şu gün 11:46
3.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 16:03
3.2k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......