Putin howpsuzlyk ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Ylalaşygyny tassyklatmaga hödürledi

  • 19.08.2020 08:38
  • 36k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Döwlet Dumasynyň ratifikasiýasyna Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk barada şertnamany girizdi. Onuň teksti Dumanyň elektron bazasynda ýerleşdirildi. Bu barada ТАSS habar berýär.

Resminama 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada gol çekilipdi.

“Ylalaşyk bilen taraplaryň halkara terrorçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk, ykdysady jenaýatçylyk, ýollarda howpsuzlyga garşy gönükdirilen jenaýat işleri, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, jenaýat ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagy, gizlin migrasiýa, kontrabanda, şol sanda medeni gymmatlyklaryň bikanun çykarylmagy bilen göreşde hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar” – diýlip, düşündiriş hatynda aýdylýar.

Ylalaşyga gatnaşyjylar “ekologiki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak pudagynda hem hyzmatdaşlyk edýärler”.

“Şertnama bilen taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanmany döredýän meseleler boýunça yzygiderli esasda maslahatlary geçirmek işi gurnalýar” – diýlip, düşündiriji materiallarda aýdylýar.

Şertnamada “taraplaryň özüniň territoriýasyny beýleki tarapyň howpsuzlygynyň zyýanyna ulanmaga ýol bermeýändigi” görkezilýär. Şunuň bilen birlikde, ylalaşyk üçünji döwletiň garşysyna gönükdirilmeýär we RF-iň hem-de Türkmenistanyň gatnaşýan beýleki halkara şertnamalaryndan gelip çykýan hukuklaryna we borçlaryna täsirini ýetirmeýär.
RF-iň hökümetiniň jemlemesine laýyklykda, resminama “Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak isleglerine jogap berýär”, onuň durmuşa geçirilmegi federal býujetiň goşmaça çykdajylaryna getirmez.

düýn 15:48
3.7k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......