Türkmenistanyň Prezidenti täze okuw ýylyna emele gelen ýagdaýlary göz öňünde tutup taýýarlanmagy tabşyrdy

  • 18.08.2020 13:14
  • 45k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini çözmäge düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, şäherde arassaçylygy saklamak, jemagat gulluklarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýat häkimleri ýerlerde işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsümine we güýzlük bugdaýyň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Şeýle-de möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýerlerde durmuş-ýaşaýyş binalaryny döwrebaplaşdyrmak, inženerçilik ulgamlarynyň ýyladyş möwsümine taýýarlygyny üpjün etmek hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ilatyň saglygyny goramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmek gerek diýip, milli Liderimiz degişli wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutany bilim ulgamynda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlanmagyň, şunda emele gelen ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.

düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....