«Facebook» ulanyjylaryň biometrik maglumatlaryny bikanun ýygnamakda aýyplandy

  • 15.08.2020 00:17
  • 7k+

“Facebook” ulanyjylaryň biometrik maglumatlaryny bikanun ýygnamakda aýyplandy. Bu barada “Business Insidere” salgylanyp, piter.tv habar berdi.

Habar berlişine görä, “Facebook”-yň eýeçilik edýän “Instagram” sosial ulgamynyň 100 milliondan gowrak ulanyjynyň biometrik maglumatlaryny bikanun saklaýandygy güman edilýär. Şunuň bilen baglylykda, sosial ulgama garşy kazyýet işi gozgaldy.
Şikaýatçylar "Instagram"-yň şahsy anyklamak üçin ýüz tanamak funksiýasyny girizendigini aýtdy. Munuň netijesinde, programmanyň maglumatlar bazasynda saklanýan "ýüz şablony" döredilýär. Onuň kömegi bilen, tor ulanyjylaryň ýazgylarynda görkezilen adam ýüzlerini hatda olar "Instagram" ulanmaýan hem bolsalar skanirleýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu tejribäniň Illinoýs ştatynyň kanunyny bozýandygyny aýtdy. Gürrüň ulanyjylaryň habary we razyçylygy bolmazdan, şahsy maglumatlary ýygnamagyň mümkin däldigi hakda barýar. Eger-de “Facebook” günäkär hasaplansa, şeýle düzgün bozulmalaryň her biri üçin 1000 dollardan 5000 dollar aralygynda jerime tölemeli bolar. Jerimäniň mukdary jemi 500 milliard dollara ýetip biler.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......