UEFA-dan het-trik: koronawirus zerarly oýnuň ýatyrylmagyna sebäp bolan klublara 0:3 hasabynda ýeňliş yglan ediler

  • 06.08.2020 00:52
  • 13k+

UEFA Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň indiki möwsümi üçin COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly käbir çäklendirmeleri girizjek täze düzgünleri kesgitledi.

Şunlukda, 2020-21 möwsüminde UEFA her bije atyşlykdan öň ýurtlaryň arasyndaky syýahat çäklendirmeleriniň sanawyny yglan eder. Klublar öz ýurtlarynyň häkimiýetleri tarapyndan girizilen çäklendirmeleri we üýtgeşmeleri bije çekilmezinden iki gün öň UEFA habar bermeli. Beýle maglumatlaryň bolmadyk ýagdaýynda, UEFA özünde bar bolan maglumatlara eýerer. Eger-de topar meýdança girip bilmese, 0: 3 hasabynda tehniki ýeňlişe sezewar ediler - diýip, UEFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, Sports.ru habar berýär.
Mundan başga-da, eger-de öz häkimiýetleri tarapyndan giriş çäklendirmeleri girizilen bolsa, kabul ediji klub bitarap meýdançada oýun teklip etmeli. Eger ol şeýle mümkinçilik döredip bilmese, tehniki ýeňlişe sezewar bolar.
Klubyň ýerli häkimiýetleriň çäklendirmeleri barada berýän maglumatlary nädogry ýa-da ýeterlik däl bolsa (ýa-da çäklendirmeler bitarap meýdança oýnar derejede berk däl bolsa), oýnaljak ýeri UEFA-nyň özi kesgitlär. Toparlaryň biri oýnamakdan ýüz öwürse, onda ol hem tehniki ýeňlişe sezewar bolýar.
Ýerli häkimiýetleriň çäklendirmeleri bellenilen seneden soň girizilse, şol ýurtdan gelen klub oýnuň şowsuzlygy üçin jogapkärçilik çeker we tehniki ýeňlişe sezewar bolar.
Eger iki klub hem oýnamakdan ýüz öwürse ýa-da oýnuň şowsuzlygy üçin iki klub hem jogapkärçilik çekýän bolsa, onda olaryň ikisi-de ýaryşdan çykarylar.
Toparlar oýunlardan öň barlagdan geçiriler. Oňyn synaglar geçirilende, UEFA ygtyýary ýerli häkimiýetlere berýär. Toparda esasy sanawdan 13 adam (bir derwezebany hem hasaba almak bilen) bar bolsa we ýerli häkimiýetler oýnamaga rugsat berse, onda topar meýdança giräýmeli. Juda bolmasa, UEFA her tapgyr üçin bellenen möhleti göz öňünde tutup, oýny yza süýşürip biler, ýöne bu şertlerde oýny guramak mümkin bolmasa, topar ýeňlişe sezewar bolar.
Bu kararlaryň ählisi UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

düýn 18:20
2.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......