Ýewropa Komissiýasy "Sanofiden" COVID-19-a garşy 300 million doza sanjymy satyn alar

  • 01.08.2020 18:44
  • 13k+

Ýewropa Komissiýasy "Sanofi" derman kärhanasyndan Bileleşigiň agza ýurtlary üçin 300 million doza COVID-19 sanjymyny satyn alar. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, "Sanofiden" başga-da, beýleki öndürijiler bilen hem ýokary derejeli gepleşikler alnyp barylýar.

Gürrüň netijeli sanjym barada gidýär. Taýýarlanylan serişdeleriň haýsysynyň ahyrky netijede has täsirli boljakdygy belli bolmansoň, Ýewropa tehnologiýalaryň dürli görnüşlerine esaslanýan we dürli kompaniýalar tarapyndan işlenip taýýarlanylan geljegi uly sanjymlara maýa goýar.
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Leýen ýewropalylara howpsuz we koronawirus ýokançlygyndan gorajak derman serişdeleriniň basym elýeterli bolmagy üçin Brýusseliň elde baryny edýändigini aýtdy.
Ýewropanyň saglygy goraýyş boýunça komissary Stella Kyriakides COVID-19-a garşy täsirli sanjymyň häzirki sanitariýa çökgünliginden baş alyp çykmagyň iň ygtybarly ýoludygyny aýtdy.

Mundan öň, Beýik Britaniýanyň Sanofi bilen GSK-den COVID-19-a garşy sanjymyň 60 million dozasyny satyn aljakdygy barada habar beripdik.

düýn 23:49
268

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....