Alymlar haýsy örtügiň koronawirusdan goramakda has täsirlidigini kesgitlediler

  • 28.07.2020 17:25
  • 38k+

Awstraliýaly alymlar gorag örtükleriniň üç görnüşini deňeşdirip gördüler we olaryň täze görnüşli koronawirus ýokanjyndan goramakdaky netijeliligini kesgitlediler. Bu barada Gazeta.ru salgylanyp, Trend habar berýär.

Tejribäniň dowamynda elde ýasalan bir gatly we iki gatly mata örtükler, şeýle hem üç gatly hirurgik lukmançylyk örtükleri ​​deňeşdirildi diýlip, habarda aýdylýar. Alymlar hatda bir gatly örtügiň ​​hem wirusyň keseli göterijiden ýokuşmak howpuny peseldýändigini anykladylar. Şeýle-de bolsa, iki gatly örtükler ​​ondan has täsirli bolup çykdy, şonuň üçin hünärmenler mata örtükler saýlananda, azyndan iki gatdan ybarat bolanlaryny saýlamagy maslahat berýärler.
Muňa garamazdan, ahyrky netijede barlaglar örtükleriň iň täsirlisiniň üç gatly hirurgik lukmançylyk örtükler ​​bolandygyny görkezdi.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......