«Dostluk» türkmen-eýran bendi suw ätiýaçlygyny artdyrýar

  • 27.07.2020 16:50
  • 17k+

Horasan-Rezawi sebit suw kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky bu welaýatda bent gorlarynyň häzirki wagtda 70% doludygyny aýtdy. Bu suw gorlarynyň esasy bölegi türkmen-eýran suw bendinde jemlenendir.

ORIENT agentliginiň bellemegine görä, kompaniýanyň wise-prezidenti Alireza Taheri welaýatyň bentlerindäki suw gorlarynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12% ýokarlanandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, Horasan-Rezawidäki uly bentleriň suw howdanlarynyň saklaýyş kuwwaty 1 milliard 512 million kub metrdir. Şolardan 1 milliard 250 million kub metr suw türkmen-eýran bilelikdäki bendine degişlidir.

Türkmenistan bilen Eýranyň araçägi geçýän Tejen (Gerirud) derýasyndaky bent iki ýurt tarapyndan bilelikde gurlan gidrotehniki desga bolup, 15 ýyl ozal ulanyşa berlipdi. Bent iki kenary 655 metrlik awtoulag köprüsi bilen birleşdirdi. Bu ýerde dörän emeli köl daşgyn suwlaryny saklamak we golaýdaky obalary sil suwlaryndan goramak üçin niýetlenendir. Bu suw howdany tomsuň yssysynda derýanyň hanasyny doly saklaýar we serhediň her tarapynda 25 müň gektar meýdany suwarmaga mümkinçilik berýär.
Iň ýakyn şäherleriň – Maşadyň (Eýran) we Sarahsyň (Türkmenistan) ilaty üçin goşmaça agyz suwy peýda boldy. Bendiň we suw howdanynyň "Dostluk" ýa-da "Dosti" diýlip atlandyrylmagy hem juda ýerliklidir, sebäbi bu türkmen we pars dilinden terjime edilende, şol bir düşünjäni – "Dostluk" diýen manyny aňladýar.

düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......