Smartfonlaryň ses düwmeleriniň täsin funksiýalary

  • 26.07.2020 22:58
  • 17k+

Smartfon — köp funksiýaly çylşyrymly enjam. Onuň düwmeleriniň mümkinçiligi niýetlenen maksatlaryndan has köpdür. Ses düwmeleri hem şeýle. Onuň esasy artykmaçlygy, seretmezden, hatda telefony jübüden ýa-da torbaňyzdan çykarmazdan hem ulanyp bolýandygynda. Bu düwmäniň has giň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagyň birnäçe ýoly bar.

Programmalary işe girizmek
Ilki bilen smartfonyňyzda “QuickClick” programmasyny gurnamaly, bu ses düwmesi bilen dürli manipulýasiýaly programmalary çalt başlamaga kömek eder. Programmany ulanyp, amaly programmalaryň belli bir yzygiderliligini baglanyşdyryp bilersiňiz. Mysal üçin, kamerany işjeňleşdirmek üçin iki gezek basmak, el çyrasyny ýakmak üçin üç gezek basmak we ş.m.

Adatdan daşary ýagdaýlar
Gyssagly tiz kömege ýa-da polisiýa jaň etmek zerurlygy bar bolsa – ses düwmesini ýekeje gezek basmak ýeterlik. “QuickClick” kömekçi programmasyny ulanyp, düwmä jaň funksiýasyny sazlamaly. Ýa-da polisiýanyň belgisine derek islendik belgini hem baglap bilersiňiz.

Sekundomeri işletmek
Munda “Trainer Stopwatch” kömekçi enjamy ulanylýar. Onuň kömegi bilen sekundomer diňe ses düwmesi arkaly dolandyrylýar.

Çalt geçirmek
“XUpDown” diýlip atlandyrylýan “Xposed” moduly gurnamaly. Onuň kömegi bilen ses düwmesini brauzerde ýa-da programmalarda sahypany ýokaryk-aşak geçirmek üçin ulanyp bilersiňiz. Edil elektron kitaplardaky ýaly.

Smartfonyň işjeňleşdirilmegi
“Volume to Volume Button” programmasy ses düwmesini basyp, smartfony oýarmak üçin niýetlenendir. Ol, esasan, telefonyň ýakyp-öçürýän düwmäni ulanmak mümkin bolmadyk ýagdaýda ulanylýar. 

Aýdym-sazlary dolandyrmak
Bu – saz diňlemegi halaýanlar üçin gowy mümkinçilik. Smartfonyňyzda “Xposed Additions” programmasyny gurnamaly. Bu ekrana seretmezden, ses düwmesini basyp, bir aýdymdan başga aýdyma geçirmäge ýardam eder. Ýöriteläp smartfony açmak zerurlygyny aradan aýyrýan örän amatly usul.

Howpsuzlyk 
“Oops! AppLock” käbir programmalara girişi petiklemäge mümkinçilik berýär. Belli bir basma yzygiderliligi telefona rugsatsyz girişden gorar. Bu ýagdaýda programmanyň özi bellik görnüşinde gizlenýär.

Ekranyň skrinşoty
Munuň üçin ýokarky we aşakky ses düwmelerini bilelikde basmaly. Bu usul ähli Android enjamlarynda mümkindir. Örän oňaýlydygy üçin ol smartfon ulanyjylaryň arasynda meşhurdyr.

Kursor gözegçiligi
Tekstler bilen işleýän ulanyjylar üçin juda peýdaly funksiýa. Tekstli ekranda barmagyňyz bilen kursory gerekli ýerine ýetirmek gaty kyn. “Xposed XBlast Tools” modulyny gurmak bilen bu meseläni aňsatlaşdyryp bolar. Onuň kömegi bilen kursoryň dolandyryşyny ses düwmelerine berkitmek mümkin.

Şulardan görnüşi ýaly, şeýle ýönekeý düwmäniň ençeme mümkinçilikleri bar. Ol käbir programmalaryň ulanylyşyny aňsatlaşdyryp bilýär.

düýn 18:39
3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....