Lukman ertirlerine kofäniň ornuny tutup biljek süýjüligi atlandyrdy

Lukman ertirlerine kofäniň ornuny tutup biljek süýjüligi atlandyrdy

Şokoladdaky kofe dänejikleri gujurlandyrýar, ýöne ol irdenki çaşka kofä garanda, beýnä agramyň düşmegine getirmeýär we ýürege hem az zyýan ýetirýär diýip, lukman gürrüň berýär. Bu barada klops.ru saýtynda bellenilip geçilýär.

Kofeiniň hasabyna kofe merkezi nerw ulgamyny işjeňleşdirýär, ýöne onuň gereginden artyk kabul edilmegi ters täsir edýär. Şunuň netijesinde ünslülik bozulýar we gyjynyjylyk ýokarlanýar. Agram düşmeginiň esasynda beýni bökdençli işläp başlaýar. Şokolad B toparynyň witaminleri sebäpli beýnä agramyň düşmegine ýol bermeýär. Ol rahatlandyryjy täsiri görkezýär we deňagramlylygy döredýär.
Şokolad kofäniň ýürek-damar ulgamyna ýaramaz täsirini hem gowşatmaga kömek edýär we holesteriniň derejesini peseldýär. Kofe bilen şokolad biri-biriniň üstüni ýetirip durýar. Olar biri-biriniň zyýanly täsirini gowşadýar. Bäş töweregi däne nerw ulgamyny işjeňleşdirýär, organizme hem zyýan ýetirmeýär. Şunuň bilen birlikde, kofe, çaý we şuňa meňzeş süýjülikler diňe wagtlaýyn täsir edýär, ýöne doly derejeli dynjyň ornuny tutmaýar. Şu ýerde olaryň köp mukdarda kabul edilen ýagdaýynda-da täsiriň barybir uzak wagtlaýyn bolmajakdygyna düşünmek gerek. Eger-de adam birsyhly ukusyny alyp bilmeýän bolsa we bir günde üç sagatdan az ýatýan bolsa, onda hiç hili şokoladdaky kofe dänesi ony tertibe getirip bilmez. Şeýle ýagdaýda uky režimini dikeltmek gerek. Gujurlandyryjy içgiler basyşy pes adamlar üçin peýdalydyr.