«Agzybirlik tilsimaty» kompaniýasynyň başlangyç önümçilik kuwwaty 200 müň personal kompýutere deň

  • 25.07.2020 14:58
  • 23k+

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy 200 müň personal kompýuterden ybarat bolan başlangyç önümçilik kuwwaty bilen döwlet bazaryna çykdy we daşary ýurt dilerleriniň ünsüni özüne çekmegi başardy. Türkmen kompýuter kompaniýasyna şeýle gyzyklanma logistika hem-de daşary ýurt analoglary bilen deňeşdirilende, 20% arzan bolan bahasy bilen şertlenendir.

Häzirki wagtda kompaniýa ýurdumyzyň birinji synp okuwçylary üçin noutbuklaryň uly tapgyryny taýýarlaýar. Öň, bu kompýuterler daşary ýurtlardan getirilýärdi, 2019-njy ýyldan başlap, olar hususy önümçiligimizdäki döwlet noutbuklary bilen çalşyryldy, diýip ORIENT habar berýär. 

Şu ýylda «Agzybirlik tilsimaty» noutbuklarda hususy inženerler tarapyndan işlenilen original plata shemasyny ulanyp, prosessoryň kuwwatlylygyny hem-de operatiw ýadyň göwrümini ýokarlandyrmak bilen noutbuklaryň modellerini kämilleşdirdi. Bilim gurşawynyň hünärmenleri tarapyndan bilelikde taýýarlanylan köp sanly okuw programmalary ykjam kompýuterleri kiçi synplaryň okuwçylary üçin hakyky kömekçä öwürýär.

«Agzybirlik tilsimaty» öz önümlerini patentledýär. Kärhananyň ýokary tejribeli hünärmenleri Hytaýyň milli reýtinginiň birinji setirini eýeleýän hem-de dünýäniň bilim reýtinglerinde orun alýan Sinhua uniwersiteti tarapyndan şahadatnama eýe boldular. 

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň işgärleri üçin Microsoft we Intel ýaly daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde yzygiderli hünär ýokarlandyryş bilen bagly web-konferensiýalar hem-de maslahatlar geçirilýär. 

ORIENT-iň habar bermegine görä, häzirki wagtda 2000 sany PK tapgyry tabşyrmak üçin taýýar edilipdir. Komýuteriň platasy hem-de korpusy kärhananyň özi tarapyndan taýýarlanylan, bu kärhanada 12 görnüşli modelleriň toplumy bar. Monitorlar 24 we 27 dýuým ölçeglerinde. Hususy önümçilik işiniň tutuş toplumy klawiaturalar hem-de kompýuter syçanjyklary üçin özleşdirilen. Bilelikdäki kärhana sargyt edilen ýagdaýynda planşetleri hem-de serwer enjamlaryny çykarmak işini hem ýola goýmaga taýýar.

Ýylyň ahyryna çenli bu ýerde monobloklaryň önümçiligini işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzir onuň modeli taýýarlanylýar, minimal trendinde onuň owadanlygynyň üstünde işlenilýär. BK-da önümiň hili we daşky görnüşi boýunça ulanyjylaryň islegini kanagatlandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär.

Häzir kärhana döwlet sargytlarynyň üstünde işleýär, şeýle-de hususy telekeçiler üçin 5000-6000 personal kompýuterlerine şertnama baglaşmak boýunça gepleşikleri alyp barýar. Döwlet kärhanalary we hususy telekeçiler üçin BK diagonaly 13-15,6 dýuým ekranly noutbuklary çykarar.

«Agzybirlik tilsimaty» brendi bilen tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlary: kassa enjamlary, POS-terminallary, çek-çap ediji gurluşlary, pul gutulary, ştrih kodlary skanerleýjiler, ştrih-kodlary çap ediji gurluşlar we ş.m çykarylýar.

Belläp geçsek, «Agzybirlik tilimaty» kompaniýasy 2018-nji ýylda esaslandyryldy.

düýn 22:20
999

Huawei 20-nji aprelde almaz bilen bezelen premium smart-sagadyny tanyşdyrar

Huawei kompaniýasy smart-sagatlaryň premium hatarynda täze modeliň — Watch Ultimate Design Star Diamond Blooming Edition sagadynyň çykaryljakdygyny mälim etdi. Onuň tanyşdyrylyşy 20-nji aprele meýilleşdirildi....

düýn 11:37
3k+

Dubaý 50 müň döwlet gullukçysyny emeli aň bilen işlemäge werziş eder

«Digital Dubai» edarasy döwlet gullukçylarynyň 50 müňüsine emeli aň (EA) bilen işlemek endiklerini öwretmek üçin resmi taýdan «AI+» atly uly göwrümli okuw maksatnamasyna başlady. Dubaý hökümetiniň Kadrlar......

18.04.2026 15:21
902

Instagram-da teswirleri redaktirlemek funksiýasy peýda boldy

Instagram ulanyjylary öz teswirlerini ýazandan soň, olara düzediş girizmek mümkinçiligine eýe boldy. Täze funksiýa teksti doly öçürmezden we täzeden ýerleşdirmezden, ýalňyşlary düzetmäge mümkinçilik berýär....

18.04.2026 13:05
2.4k+

WhatsApp-dyr Telegram-a täze bäsdeş: Mask mahabatsyz we telefon belgisiz messenjer çykarýar

Ilon Maskyň X kompaniýasy 17-nji aprelde hat alyşmak üçin niýetlenen aýratyn XChat goşundysyny çykarmaga taýýarlanýar. Täze messenjer ilki bilen iOS (iPhone) ulgamynda işläp başlar....