Maýk Taýson bilen Roý Jonsuň göreşiniň senesi belli boldy

  • 25.07.2020 14:32
  • 21k+

90-njy ýyllaryň iki sany taryhy boksçylary — dünýäniň agyr agramdaky öňki çempiony Maýk Taýson bilen dört kategoriýada dünýäniň eks-çempiony Roý Jons-Kiçiniň arasyndaky göreş 12-nji sentýabrda Karsonda (Koliforniýa ştaty, ABŞ) geçiriler. Bu barada sports.ru Maýk Taýsonyň resmi Twitter sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Meýilleşdirilişi ýaly, göreş sekiz raunddan ybarat bolar.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, bu duşuşyk baryp 2003-nji ýylda hem geçirilip bilerdi. Emma boksçylary şol wagt hödürlenen baýragyň möçberi — 40 million dollar kanagatlandyrmandyr.

Öň habar berşimiz ýaly, Roý Jons karýerasyny tamamlandygyna garamazdan, Maýk Taýsonyň göreşe çagyryşyna jogap berdi.

şu gün 15:00
3.5k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

şu gün 11:00
3.3k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....

düýn 23:31
1.6k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

düýn 23:07
3.2k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......