Habib Nurmagomedow UFC 253 ýaryşynda çykyş etmez

  • 22.07.2020 13:26
  • 27k+

Russiýaly göreşiji, UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow 19-njy sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Absolýut göreş çempionaty (UFC) — 253-de çykyş etmez. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada türgeniň menejeri Rizwan Magomedow habar berdi.

UFC-253 ýaryşyny Abu-Dabide geçirmeklik meýilleşdirilýärdi. Turniriň esasy duşuşygy bolsa, Habib Nurmagomedow bilen amerikaly göreşiji Jastin Getjiniň arasynda bolmalydy.
3-nji iýulda Habibiň kakasy hem-de tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjyndan soň ýüze çykan çylşyrymlaşma zerarly 58 ýaşynda aradan çykdy.
H.Nurmagomedow soňky göreşini 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda amerikaly Dastin Porýe garşy geçirip, titulyny goramagy başarypdy. H.Nurmagomedow 2018-nji ýylda UFC-niň çempiony bolmagy başardy. 31 ýaşly türgeniň ygtyýarynda 28 ýeňiş bolup, ol ýeke gezek hem ýeňilmedi.

düýn 23:43
716

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:18
2.9k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

düýn 12:16
1.5k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....