«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlaryny ýatyrmagynyň möhletini 31-nji awgusta çenli uzaltdy

  • 21.07.2020 03:05
  • 45k+

«Türkmenhowaýollarynyň» rus wekilliginiň habar bermegine görä, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň möhleti 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna (31-nji awgust hem degişli) çenli uzaldyldy.

Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.
Belläp geçsek, Stambul, Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Minsk, Almaty, Maýn boýundaky Frankfurt, Birmingem, Amritsar, Deli, Dubaý, Abu-Dabi, Pekin, Bangkok ugurlary boýunça gatnawlar ýatyryldy.

düýn 15:51
4.7k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.1k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....