Цукерберг считает методы борьбы с коронавирусом в США неэффективными

  • 18.07.2020 18:03
  • 11k+

Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň edarasynyň koronawirusa garşy göreşe netijesiz ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy. “Häzire çenli ABŞ-da tertibiň (kesel ýaýrawynyň) beýleki köp ýurtlara garanda has ýaramazdygy görnüp duran zat, biziň hökümetimiz we edaramyz mundan netijesiz baş çykarýar” – diýip, Sukerberg ABŞ-nyň allergiýa we ýokanç keselleriň milli institutynyň müdiri Entoni Fauçe aýdýar, muny TASS-a salgylanmak bilen vz.ru ýetirýär.

Ilkibaşda Sukerberg amerikan hökümetiniň kararlaryna “oňyn garaýardy”, sebäbi ol koronawirus onuň bilen göreşmäge synanyşygyň edilýändigine garaşsyz ýüze çykýar diýip hasaplaýardy, ýöne soň ol garaýşyny üýtgetdi.
“Men barlagdan geçirme işiniň henizem ýeterlik derejede geçirilmeýändigine, siz ýaly (Fauçi) ykrar edilen hünärmenleriň hem-de kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça federal merkezleriniň abraýyna şübhelenilýändigine gynanýaryn” – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belleýär. Ol hökümetiň “maska dakynmak ýaly, esasy endikleriň” berjaý edilmeginiň zerurlygyna şübhelenendigine hem düşünmeýändigini aýtdy.
Bir hepde mundan öň, ABŞ koronawirusyň bir gije-gündizdäki sanynyň ösüşi boýunça ýene-de rekordy goýdy, keseliň 66 müň 627 ýagdaýy bellige alyndy.
Iýunda ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi ýurtda koronawirus ýagdaýynyň iki ýarym esse, ýagny her günde 100 müňe çenli artyp biljekdigini hem belledi. Ýakynda ol ýurduň prezident edarasynyň hereketlerine tankyt bilen çykyş etdi. Onuň pikiriçe, döwlet hökümeti ählumumy karantini girizip bilmedi, şonuň üçin COVID-19 ýaýramagyny dowam etdirýär. Fauçi Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň başlangyç tapgyrynda ýerleşýändigini aýtdy. Ol döwlet hökümetleri tarapyndan çäklendirme aýrylandan soň, kesellileriň sanynyň artjakdygyna ynanýar.

09.06.2026 23:14
6.7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.2k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.7k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....