Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempiony boldy

  • 17.07.2020 10:00
  • 8.1k+

Madridiň «Real» topary Ispaniýanyň çempionatynyň 2019/20 möwsüminiň çempiony boldy.
Zinedin Zidanyň tälimçiliginde klub La Liganyň 37-nji tapgyrynda «Willareýal» klubyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy we möhletinden öň çempionlyk hukugyna eýe boldy. Ikinji orunda barýan «Barselona» möwsümiň gutarmagyna bir oýun galanda, «Realdan» 7 utuk yza galýar. Katalon kluby bu tapgyrda öz meýdançasynda «Osasunada» ýeňildi (1:2).
Bu ýeňiş La Liganyň tutuş taryhynda madrid klubynyň 34-nji çempionlygy bolup durýar.

şu gün 18:26
1.1k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

şu gün 11:50
3.9k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

şu gün 11:46
3.4k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 16:03
3.2k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......