Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň ilkinji Prezidenti pandemiýa bilen bagly dünýä meselesini maslahatlaşdy

  • 11.07.2020 22:16
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň keselden gutulandygyna örän şatdyklaryny belledi. Ol synmaz erkiň we ruhubelentligiň netijesinde keseli ýeňip geçmegi hem-de Gazagystanyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işe gaýdyp gelmegi başardy.
Söhbetdeşler şeýle hem koronawirusyň pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýä meselesine hem-de ony ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň ýollaryna üns berdiler.
Mälim bolşy ýaly, adam üçin howply bolan maddalar, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly, aýratyn hem çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynda geçip biler. Merkezi Aziýa ekologiýa nukdaýnazaryndan dünýäniň has duýgur sebitleriniň biri bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri Aral deňziniň meselesi bilen baglanyşyklydyr.
Aral zolagynda döreýän hem-de giň geografik giňişlige ýaýraýan howa akymlary tebigata we howa ýaramaz täsir edýär hem-de diňe bir şu sebitde däl, eýsem, onuň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin hem aýratyn howpludyr.
Döwlet Baştutany bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak maksady bilen ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýdyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň lukman alymlarynyň, ekologlarynyň we beýleki hünärmenleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.
Biz däp bolan, umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-gazak syýasy we ykdysady gatnaşyklara gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de goňşy ýurduň milli Liderini ýaş toýy bilen ýene bir gezek gutlady.

düýn 20:46
912

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......