BSGG-niň hünärmenleri koronawirusyň gelip çykyşyny kesgitlemek üçin Hytaýa gitdiler

  • 10.07.2020 19:00
  • 14k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bilermenler topary täze koronawirusyň gelip çykyşyny kesgitlemek üçin Hytaýa gitdi diýip, BSGG-niň metbugat sekretary Margaret Harris aýtdy.

"Olar eýýäm uçdular, häzir ýoldadyrlar. Topar işiň möçberini kesgitlär" diýip, TASS habar gullugy Reuters habar gullugyna salgylanyp, Harrisiň sözlerini getirýär. Şeýle hem toparda epidemiologlaryň we zoologlaryň bardygy aýdylýar.

Çarşenbe güni BSGG-niň baş müdiri Tedros Adan Gebreýesus toparyň esasy wezipesiniň BSGG-niň ýolbaşçylygyndaky halkara missiýa üçin esas hem-de iş meýilnamasyny taýýarlamakdygyny aýdypdy. Hünärmenleriň esasy maksady wirusyň haýwany gelip çykyşyna düşünmek we haýwanlardan adamlara nädip ýokaşýandygyny kesgitlemek bolar.

Ýadymyzda bolsa, BSGG koronawirusyň gelip çykyşyny kesgitlemek üçin Hytaýa hünärmenleri ugratmak kararyna 29-njy iýunda gelipdi.

düýn 15:51
5.6k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.2k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....