Lukmançylyk maskasyny nädip dogry geýmeli?

  • 10.07.2020 17:58
  • 29k+

Şu güne çenli hiç birimiz hemişe maskaly gezmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolup gören däldiris. Ýöne häzirki wagtda lukmançylyk maskasy adaty bir gorag serişdesine, dürli ýokançlyklaryň, şol sanda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerinden birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, zyýanly däl-de peýdaly bolar ýaly, lukmançylyk maskasyny nädip dogry geýmelidigini we nädip dakynyp gezmelidigini bilmek möhümdir. ORIENT-iň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, maskany nädogry ulanmak onuň netijeliligini ep-esli peseldip biler.

Maskany ulanmazdan ozal, ilki bilen, elleriňizi ýyly suw we sabyn bilen gowy ýuwmaly ýa-da antiseptik bilen arassalamaly, diňe şondan soň arassa maska geýmeli. Maskany ýüzüňize seresaplylyk bilen berkitmeli, agzyňyzy we burnuňyzy ýapyp, hiç hili boşluk goýmaz ýaly edip geýmeli. Maska burnuň üstüne – seňrigiňe gysylpyp durmaly. Munuň üçin onuň ýokarsyndaky demir zolagy barmaklaryňyz bilen burnuňyza basmaly we epinlerini düzetmeli.
Maskanyň diňe rezininden tutmalydygyny, şeýle hem onuň daşky ýüzüne degmezlige üns bermelidigini ýatdan çykarmaly däldiris. Maskanyň daşky ýüzüne degen ýagdaýyňyzda, elleri hökman sabyn bilen gowy ýuwmaly ýa-da arassalamaly.
Lukmanlaryň pikiriçe, maskany haýsy tarapyna geýseňiz hem bolýar, esasy zat – fiksatoryň burna doly laýyk bolmagydyr. Sebäbi maskanyň gök ýüzi-de, ak ýüzi-de mikroblary saklamaga ukyplydyr.
Maskany dogry aýyrmak hem möhümdir – ony rezininden tutup, ýüzüňize degen tarapyny içeri epläp aýyrmaly. Ulanylan bir gezeklik lukmançylyk maskasy aýratyn torba salynmaly, agzy berk ýapylyp, diňe şondan soň zibile taşlanmaly.

Ýatda saklaň! Birgezeklik lukmançylyk maskasy aýyrman dakynylanda, her iki-üç sagatdan täzelenip durulmalydyr.

Köp gezeklik maskalar barada aýdylanda bolsa, olary diňe seresaply gaýtadan işlenenden soň ulanyp bolýar. Öý şertlerinde maskany ýuwmaly, soňra bugly ütügiň buguna tutulyp, gaýtadan işlemeli, arassalamaly. Gaýtadan işlenenden soň, maska çygly bolmaly däldir, şonuň üçinem maska iň soňunda bugsuz ütüklenmeli. Hiç hili ýagdaýda mata (mysal üçin, pagta ýa-da hasa) maskalary ulanmak maslahat berilmeýär.

ÜNS BERIŇ!

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy maskany, esasan, hassalaryň geýmelidigini belleýär, sebäbi maska üsgürýän ýa-da asgyrýan adamyň tüýküliginiň köp bölegini özünde saklap galýar. Netijede bolsa, howa düşmeli wiruslaryň möçberi ep-esli az bolýar we beýlekiler üçin ýokaşma howpy azalýar.
Mundan başga-da, köp adamly jaýda, jemgyýetçilik ulaglarynda, hassalara ideg edilende maska hökmanydyr. Maskanyň sizi 100% gorag bilen üpjün etmeýändigini ýatdan çykarmaly däldir – ol diňe öňüni alyş usullary, ýagny ýakyn galtaşykdan gaça durmak, ýygy-ýygydan el ýuwmak, dezinfeksiýa etmek bilen utgaşdyrylanda täsirlidir.

Şu salgydan lukmançylyk maskalaryny dakynmagyň ähmiýeti barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyşyň habarlar merkeziniň direktorynyň berýän maslahatlaryny okap bilersiňiz.

şu gün 15:08
405

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

şu gün 13:52
973

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

düýn 21:10
3.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

düýn 09:43
8.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....