ABŞ-da TikTok sosial ulgamy gadagan edilip bilner

  • 08.07.2020 01:36
  • 4.8k+

Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň gysga wideo rolikleri alyş-çalyş etmek üçin niýetlenen TikTok sosial ulgamyndan peýdalanmak ABŞ-da gadagan edilip bilner. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýkl Pompeo 6-njy iýulda “Fox News” teleýaýlymy arkaly mälim etdi diýip, REGNUM habar gullugy habar berýär.
Pompeo ýaýlymda alyp baryjynyň ABŞ-da, Hindistandan görelde alnyp, Hytaýyň sosial ulgamlarynyň, şol sanda TikTok-yň ulanyjylaryň maglumatlaryny Hytaý häkimiýetlerine geçirýändigi, şeýle hem propaganda bilen meşgullanýandygy sebäpli gadagan edilip bilinjekdigi baradaky soragyna: “Biz muňa örän çynlakaý çemeleşýäris. Biz bu meseläni hökman ara alyp maslahatlaşarys" – diýip jogap berdi. Alyp baryjy ABŞ-da 30 milliondan gowrak TikTok ulanyjysynyň bardygyny belledi. Raýatlaryň smartfonlaryna ornaşdyrylan hytaý programmalary babatynda “Amerikanyň Birleşen Ştatlary degişli çäreleri görer” diýmek bilen, Pompeo bu mesele barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump tarapyndan düşündiriş berilmezden ozal has jikme-jik gürlemek islemeýändigini aýtdy.
Mundan ozal 29-njy iýunda Hindistanda TikTok sosial ulgamyny, WeChat messenjerini we Hytaýda işlenip düzülen “Hindistanyň özygtyýarlylygyna we bitewüligine, Hindistanyň goranyş ukybyna, döwletiň howpsuzlygyna we jemgyýetçilik tertibine zyýanly” 57 sany programmany petiklemek (bloklamak) kararyna gelnipdi.
Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň gysga wideo rolikleri alyş-çalyş etmek üçin niýetlenen TikTok sosial ulgamy ýakyn günlerde Hytaýyň milli howpsuzlyk kanunlaryna üýtgetmeleriň girizilmegi sebäpli Gonkongdaky ulanyjylar üçin hem elýeterli bolmaz diýip, REGNUM belleýär.

düýn 20:17
5.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.6k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......