Aşgabat, Baku we Kabul ulag geçelgesiniň hereket etmegini maslahatlaşdy

  • 03.07.2020 13:18
  • 6.6k+

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirdiler. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.
Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde, dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan ählumumy wehiminiň şertlerinde görkezilen ugur boýunça biziň özara arkalaşykly hereket etmegimiz aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan ýokanç keseliň täze görnüşiniň — koronawirus COVID — 19-yň ýaýramagyna garşy gönükdirilen halkara tagallalarynyň çäklerinde bilelikde netijeli iş alyp bardylar.
Şu işleriň netijesinde, ýokanç keseliň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden örän giň geografik giňişlikde ykdysady gatnaşyklary saklamagy üpjün edýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dowamly işlemegi üçin zerur şertler döredi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri owgan hem-de azerbaýjan tarapyna Türkmenistanyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmäge we pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmaga degişli başlangyçlaryna çuňňur düşünmek bilen garandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz serhetlerinde arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça işleri güýçlendirmek, serhetýaka, gümrük we migrasiýa düzgünleri babatda möhüm çäreleriň birnäçesini gördi. Ýöne, şonuň bilen birlikde, biz emele gelen ýagdaýa laýyk gelýän usullary döretdik. Bu usullar bize we goňşularymyza ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasynda ulag serişdeleriniň we ýükleriň howpsuz hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň kontinental ýollaryň çatryklarynda ýerleşýän ýurtlardygyny belledi. Biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň çäklerinden gündogarda — Günorta Aziýa we Aziýa Ýuwaş ummany sebitine; günbatarda — Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada — Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogara; demirgazykda – Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen ondan aňryk Baltika deňziniň kenarlaryna çykalgalar bardyr.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.7k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......