Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä çenli ýokarlandy

  • 02.07.2020 09:01
  • 17k+

2019-njy ýylyň içinde milliarderleriň sany rekord derejede 211 adam artyp, 2825-e ýetdi diýip, Wealth-X kompaniýasynyň hünärmenleri habar berýärler, muny rbc.ru ýetirýär. Emlägi milliard dollardan geçýän adamlaryň köpüsi ABŞ-da ýaşaýar, ýagny 788 adam. Derňewe laýyklykda, 2019-njy ýylda dünýäde 2825 milliarder hasaba alyndy, bu bolsa bir ýyl ozalka garanda 221 adam ýa-da 8,5% köpdür. Olaryň jemi baýlygy bir ýylyň içinde 10,3% ýokarlanmak bilen, $9,4 trilliona ýetdi. Belläp geçsek, 2018-nji ýylda milliarderleriň sany geçen döwür bilen deňeşdirilende 5,4 göterim azalypdy.
Kompaniýanyň hasabyna görä, 2019-njy ýylyň emlägi boýunça milliarderleriň sany boýunça ýurtlaryň reýtingi şeýle görnüşde ýerleşdirilýär. Ýagny, birinji orunda ABŞ ýerleşýär – 788 milliarder, onuň yzyndan Hytaý gelýär – 342 adam. Üçünji orunda Germaniýa ýerleşýär – 153 milliarder. Russiýa bolsa 114 adam bilen dördünji orny eýeleýär.
Liderleriň bäşligine Şweýsariýa we Beýik Britaniýa hem girdi, bu ýurtlaryň hersinde 100 sany milliarder hasaba alynýar. Dollarly milliarderleriň köp bolan ýurtlarynyň we territoriýalarynyň sanawyna Gonkong, Hindistan, Saud Arabystany, Fransiýa, Italiýa, Braziliýa, BAE, Kanada we Singapur hem girdi. Bu 15 ýurtda ähli milliarderleriň dörtden üç bölegi ýaşaýar diýip, hünärmenler belleýär.
Şäherlerden milliarderleriň köpüsi Nýu-Ýorkda ýaşaýar, ýagny 113 adam. Onuň yzyndan Gonkong we San-Fransisko gelýär, olarda degişlilikde 96 we 77 milliarder bar. Moskwa şeýle emlägi bolan adamlaryň sany boýunça 73 adam bilen dördünji orunda ýerleşýär.
2020-nji ýyl barada aýdylanda, koronawirus pandemiýasyny hasaba alsak, ýagdaýyň üýtgemegi mümkin. Analitikler awtomobil, aerokosmiki, goranyş pudaklaryndaky pese gaçyş sebäpli milliarderleriň sany kemeler diýip pikir edýärler, ýöne ýagdaýy ösüş hasaba alynýan saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş pudaklary düzedip biler.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......