Türkmenistan BMG bilen maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 20.05.2020 23:56
  • 4.1k+

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly döredilen ýokary maglumat tehnologiýalary we ösüşiň monitoringi boýunça iş toparynyň nobatdaky onlaýn tertibindäki duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän milli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna elektron resminama dolanyşygynyň, häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere üns berildi. Şeýle hem döwlet dolandyrylyşy, saglygy goraýyş, bilim, hukuk, maliýe we durmuş ulgamy, daşky gurşawy goramak, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly möhüm pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi barada aýdyldy.
BMG ÖM, ÝUNISEF, UNFPA we BSGG hem-de BMG-niň beýleki agentlikleriniň goldaw bermeklerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň tekliplerini peýdalanmak arkaly «2030-yň Gün tertibinde» kesgitlenen umumy wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

şu gün 11:05
748

reCAPTCHA ulanýan saýtlar Google hyzmatlary bolmadyk Android ulanyjylaryny bloklap başlady

Google hyzmatlary bolmadyk Android smartfonlarynyň ulanyjylary reCAPTCHA barlagyndan geçmekde kynçylyklara uçrap başladylar. Täze şahsyýeti tassyklama ulgamy smartfonda Google Play Services-iň 25.41.30 ýa-da......

şu gün 00:17
3.5k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
1.2k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
2.1k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......