Samsung Apple-i smartfonlar üçin prosessorlary öndürijileriň ilkinji üçlüginden çykardy

  • 25.03.2020 12:30
  • 3.5k+

Samsung kompaniýasy smartfonlar üçin displeýlerden, ýat mikroshemalaryndan, surat datçiklerinden we prosessorlardan ýa-da bir kristally sistemalardan (SoC) başlap, köp sanly komponentleri öndürýär.
“Counterpoint Research” analitik agentliginiň soňky hasabaty boýunça, Samsung kompaniýasynyň mobil gurluşlary üçin SoC-yň dünýä bazarynda 2019-njy ýyl boýunça paýy 14,1%-e barabar boldy. Bu günorta koreý kompaniýasyna Apple-i smartfonlar üçin prosessorlary öndürijileriň ilkinji üçlüginden çykarmaga mümkinçilik berdi. Bellenilip geçilen bazarda Apple-iň paýy 13,1%-e deň, bu barada ixbt.com portaly habar berýär.
Birinji we ikinji orny bazaryň degişlilikde 33,4% we 24,6%-i degişli bolan Qualcomm we MediaTek kompaniýalary eýeleýär. Geň ýeri, bäş sany öňdebaryjy öndürijileriň arasynda diňe Samsung bilen Huawei ösüşi görkezdi.
Samsung kompaniýasy SoC Exynos-y çykarýar. Olar diňe bir Samsung-yň smartfonlary üçin däl-de, eýsem Meizu we Vivo kompaniýalarynyň smartfonlary üçin hem ulanylýar.

11.11.2025 15:19
3.6k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.2k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...

09.11.2025 19:12
4.7k+

Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar...

05.11.2025 10:07
3.3k+

Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi

Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär...