19-njy awgustda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek hadysa – “Bekre Aýyna” syn edip bilerler

  • 17.08.2024 14:17
  • 14k+

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda asmanda Superaýy we möwsümleýin “Mawy Aýy” utgaşdyrýan seýrek astronomiki hadysa – “Bekre Aýy” dogar. Superaý Aşgabat wagty bilen 23:26-da bolar we şu ýyl garaşylýan dört Superaýyň ilkinjisi bolar diýip, RBK ýazýar.

“Superaý” adalgasy 1979-njy ýylda astrolog Riçard Nolle tarapyndan Aýyň Ýere mümkin boldugyndan iň ýakyn gelmeginden 90% aralykda ýerleşýän ýagdaýynda doly Aýy suratlandyrmak üçin girizildi. Şeýle pursatlarda Aý adatdakysyndan 14% uly we 30% ýagty görünýär. 2024-nji ýylda ýene üç Superaýyň bolmagyna garaşylýar: 17-nji sentýabr, 17-nji oktýabr we 15-nji noýabr.
Superaý wagty Aý adatdakysyndan has ýagty we uly görünse-de, bu hakykatda beýle däldir. “Aý illýuziýasy” diýen düşünje bar: Aý gözýetimde ýerleşýän wagty asmandaky ölçegi bilen deňeşdirilende uly görünýär. Şeýle illýuziýa adam beýnisiniň ýerdäki zatlaryň fonunda ölçegleri we aralyklary ýalňyş düşündirýändigi sebäpli ýüze çykýar.
“Bekre Aýy” ady ýylyň bu döwründe Beýik köllerde bekre balyklary tutan indeý taýpalary bilen baglanyşyklydyr. “Mawy Aý” adynyň Ýeriň hemrasynyň reňki bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol iňlis dilindäki Once in a Blue Moon (“günleriň bir güni MAwy Aýyň astynda”, bu örän seýrek hadysany aňladýar) aňlatmasy bilen baglanyşyklydyr.
Mawy Aýlaryň iki görnüşi bar: möwsümleýin we aýlyk. 19-njy awgustda boljak “Mawy Aý” möwsümleýin bolar. NASA indiki möwsümleýin “Mawy Aýyň” 2027-nji ýylyň maý aýynda bolmagyna garaşylýandygyny belleýär. Superaýlaryň we Mawy Aýlaryň utgaşmasy örän seýrek bolup geçýär. Şeýle hadysalaryň arasyndaky aralyk 20 ýyla çenli bolup biler, aslynda ortaça ol her on ýyldan bir gezek bolýar. Şeýle Aýlaryň indiki jübütiniň 2037-nji ýylyň ýanwar we mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar.


06.04.2025 11:21
3.8k+

NASA asteroidiň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny iki esse ýokarlandyrdy

NASA 2024 YR4 asterodiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygy boýunça hasaplamalaryny täzeledi. Töwekgelçilik iki esseden gowrak ýokarlandy we häzir 3,8%-e barabar diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär. Öň ähtimallyk...

27.03.2025 15:07
8.8k+

29-njy martda bölekleýin Gün tutulmasy bolup geçer: nirede we haçan görüp bolar

29-njy martda demirgazyk ýarym şaryň ýaşaýjylary bölekleýin Gün tutulmasyna syn edip biler. Bu barada Moskwa planetariýasyna salgylanyp, RBK habar berýär. Hadysa dört sagat töweregi dowam eder. Tutulmanyň iň ýokary...

15.03.2025 13:19
8.2k+

Aýyň üstünden doly Aý tutulmasy nähili görünýär? Blue Ghost suratlary iberdi

14-nji martda Ýerde 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri ilkinji doly Aý tutulmasyna syn etmek mümkin boldy. Şol bir wagtyň özünde, Aýda ýerleşýän Firefly Aerospace amerikan kompaniýasynyň Blue Ghost gonuş moduly...

14.03.2025 21:27
6k+

2025-nji ýylyň ilkinji doly Aý tutulmasy şeýle boldy (Fotosuratlar)

Ýeriň ýaşaýjylary 14-nji marta geçilýän gije 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolup geçen doly Aý tutulmasyna şaýat boldular. Bu täsin tebigy hadysany synlamak üçin iň amatly şertler Demirgazyk we Günorta Amerikada...