“Tapmaça 2” multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan 10 filmiň hataryna girdi

  • 03.08.2024 16:27
  • 2.5k+

Amerikanyň Pixar studiýasynyň “Tapmaça 2” (Головоломка 2) multfilmi kassa ýygymlary boýunça “Ar alyjylar” (Мстители, 2012) filminden öňe geçip, taryhda iň köp girdeji gazanan 10 filmiň sanawyna girdi. Taslama 1,53 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, sanawda 10-njy orny eýeledi.

“Şa Ýolbars” (Король Лев) (1,65 milliard dollar) filmininden öňe geçip, ýene bir basgançak ýokary galmak üçin “Tapmaça 2” filmi takmynan ýene 120 million dollar gazanmaly bolar.
Taryhda iň köp girdeji gazanan 10 film:

  1. “Awatar” - 2,92 milliard dollar;
  2. “Ar alyjylar: Soňy” (Мстители: Финал) - 2,79 milliard dollar;
  3. “Awatar: Suwuň ýoly” (Аватар: Путь воды) - 2,32 milliard dollar;
  4. “Titanik” - 2,26 milliard dollar;
  5. “Ýyldyz söweşijileri: Güýjüň oýanmagy” (Звёздные войны: Пробуждение Силы) - 2,07 milliard dollar;
  6. “Ar alyjylar: Bakylyk söweşi” (Мстители: Война бесконечности) - 2,05 milliard dollar;
  7. “Möý adam: Öýe ýol ýok” (Человек-паук: Нет пути домой) - 1,92 milliard dollar;
  8. “Ýura eýýamynyň dünýäsi” (Мир Юрского периода) - 1,67 milliard dollar;
  9. “Şa Ýolbars” (Король Лев)  - 1,65 milliard dollar;
  10. “Tapmaça 2” - 1,53 milliard dollar.

“Tapmaça 2” animasion filminiň dünýä premýerasy 14-nji iýunda geçirildi. Multfilm striming hyzmatlarynda güýzde peýda bolar.
Filmde baş gahryman Raýli Andersonyň ýetginjeklik döwri barada gürrüň berilýär. Onuň kellesindäki eýýäm bize tanyş bolan şatlyk, gynanç, gorky, gahar duýgularyna howsalalyk, göriplik, ýürekgysgynçlyk we utanç duýgulary goşulýar.


düýn 15:20
2.7k+

Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer

Britaniýaly aktrisa Keýt Winslet ("Titanik", "Okyjy") "Ýüzükleriň hökümdary" äleminde täze taslama bolan "Gollumyň awynda" surata düşer. Bu barada Deadline neşiri habar berdi. “Oskar” baýragynyň eýesiniň haýsy keşbi ýerine ýetirjegi heniz tassyklanmady...

düýn 11:04
792

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar...

düýn 07:16
1.4k+

Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar...

12.03.2026 21:12
1.1k+

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär...