Starliner bilen bagly näsazlyklar: ekipažyň yzyna gaýdyp gelmegi 26-njy iýuna süýşürildi

  • 20.06.2024 00:02
  • 5.8k+

NASA we Boeing Starliner-yň Halkara kosmos stansiýasyndan (HKS) yzyna gaýdyp gelmegini yza süýşürmek kararyna geldiler. Ilkibaşda gämi 14-nji iýunda stansiýadan aýrylar diýlip meýilleşdirildi, soň sene 18-ine süýşürildi, häzir bolsa gutarnykly çözgüt 26-njy iýun diýlip kesgitlendi. Bu barada Phys.org belleýär.

Gijikdirilmäniň sebäbi inženerler tarapyndan möhüm hasaplanan Starliner ulgamlarynyň goşmaça synaglary boldy. Öň, gämide geliý syzmasy we ugur hereketlendirijileri bilen bagly näsazlyklar ýüze çykarylypdy.
NASA we Boeing Starliner-iň ilkinji ekipažy bolan astronawtlar Sunita Wilýamsyň we Barri Wilmoryň howpsuz gaýdyp gelmegini üpjün etmäge çalyşýarlar. Missiýanyň netijeleri HKS-e yzygiderli uçuşlar üçin gäminiň şahadatnamalaşdyrylmagynda aýgytly faktor bolar.


şu gün 14:38
1k+

Bulary biz hiç wagt görmändik: NASA Aýyň arka tarapyndan pursatlary görkezdi

Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirlik (NASA) Artemis II missiýasynyň dowamynda «Orion» kosmos gämisi bilen Aýyň daşyndan aýlanyp çykylan wagty alnan özboluşly fotosuratlary we......

düýn 10:28
6.5k+

4 sany iPhone 17 Pro Max Orion gämisinde hakykatdan hem Aýa ugradyldy: telefonlar uçuşa nähili taýýarlandy

«Artemis II» missiýasynyň çäginde «Orion» kosmos gämisinde Aýa tarap dört sany iPhone 17 Pro Max smartfony ugradyldy — ekipažyň her bir agzasyna bir enjam berildi....

05.04.2026 22:27
2.6k+

ABŞ Aýdaky bazasynyň ilkinji böleklerini eýýäm 2027-nji ýylda maliýeleşdirer

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýda guruljak geljekki bazanyň ilkinji elementlerini eýýäm 2027-nji maliýe ýylynda maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär. Degişli serişdeler býujet taslamasynda göz öňünde tutulyp, olar......

04.04.2026 09:23
3.7k+

Ýarymaý şekilli Ýer: NASA «Orion» gämisinden düşürilen suraty görkezdi

NASA «Artemis II» Aý missiýasynyň çäklerinde «Orion» kosmos gämisiniň bortundan alnan suraty hödürledi. Surata birbada seredeniňde Aý diýdirjek ýarymaý görnüşindäki Ýer şary şekillendirilipdir. Bu 1972-nji......