4-nji gezekden başartdy: taryhda iň kuwwatly Starship kosmos gämisi üstünlikli uçuryldy

  • 07.06.2024 16:16
  • 11k+

SpaceX, üç sany şowsuz synanyşykdan soň, Starship agyr raketasynyň üstünlikli synag uçuşyny amala aşyrmagy başardy. 6-njy iýunda raketa orbita çykdy we soňra üstünlikli Ýere gaýdyp geldi. Uçuş kompaniýanyň resmi web sahypasynda we X (öňki Twitter) sosial ulgamynda öz wagtynda göni ýaýlymda görkezildi. Islendik ulanyjy uçuşa mugt tomaşa edip bildi.

Raketa Tehasyň günortasyndaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy we birnäçe minutdan soň birinji gatlagyň prototipi Super Heavy Meksika aýlagyna üstünlikli gondy. Ikinji gatlak Ýeriň orbitasyna çykyp uçuşy dowam etdi.
Starship, 200 km-den gowrak belentlige ýetip, bir sagat töweregi kosmosda boldy, şondan soň Hindi ummanynyň Awstraliýadan demirgazyk-günbatarynda gözegçilik astynadaky gonmany amala aşyrdy.
NASA-nyň başlygy Bill Nelson bu möhüm wakanyň adamy Aýa gaýtarmagyň ýene bir ädimidigini mälim etdi.

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan döredilen Starship taryhdaky iň uly we iň güýçli raketadyr. Geljekde adamlary şeýle kosmos gämilerinde orbita, Aýa, Marsa we beýleki planetalara ugratmak meýilleşdirilýär.
Starship prototipini Ýeriň ýakyn orbitasyna çykarmagyň öňki üç synanyşygy dürli tapgyrlarda şowsuz tamamlandy.


09.09.2025 13:07
5.4k+

Hytaý asteroidi urup, planetany goramak tehnologiýasyny iş ýüzünde barlamak isleýär

Hytaý Ýeri kosmos howplaryndan goramak tehnologiýasynyň netijeliligini barlamak üçin, asteroidi urmak boýunça görkezme missiýasyny taýýarlaýar. Bu barada Hytaýyň Aý maksatnamasynyň baş inženeri Wu Weýžen çuň kosmos boýunça maslahatda aýtdy...

08.09.2025 13:21
2.5k+

SpaceX Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny 120-ä çenli artdyrmaga rugsat aldy

SpaceX Floridadaky Kanaweral burnundan Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny ep-esli artdyryp biler. ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) ekologiýa synyny tamamlady, bu hem kompaniýa uçuşlaryň sanyny ýylda 50-den 120-ä çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi diýip, TechCrunch habar berýär...

07.09.2025 18:59
3.4k+

Hytaýda kosmos üçin kir ýuwujy maşynyň taslamasyny işläp düzdüler

Orbitada hepdeläp işleýän kosmonawtlar üçin kir ýuwmak işi iň kyn meseleleriň biri bolmagynda galýar: suw üpjünçiliginiň çäkliligi we enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli, eşikler gaty hapa bolýança geýilýär we soň zyňylýar...

06.09.2025 17:40
3.5k+

Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder...