Taryhda iň çylşyrymly sagat ilkinji gezek muzeýde görkeziler. Ol  823 detaldan ybarat bolup, 44 ýylda ýasalypdyr

  • 24.11.2024 15:22
  • 12k+

12-nji dekabrda Britaniýanyň ylmy muzeýinde açyljak sergide XVIII-XIX asyryň başynda Fransiýanyň şa zenany Mariýa Antuanetta üçin döredilen sagat ilkinji gezek köpçülige görkeziler. Eksponat “Versailles: Science and Splendour” sergisiniň bir bölegi bolar diýip, BBC habar berýär.

Sagat 1783-nji ýylda şa zenanynyň sargydy bilen şweýsariýaly ussat Awraam Lui Brege tarapyndan ýasalypdyr. Bu üýtgeşik sagady döretmek üçin 44 ýyldan gowrak wagt gerek bolupdyr. Şa zenany bu sargydyny görmän dünýäden ötüpdir: Mariýa-Antuanetta adamsy, Fransiýanyň koroly Lýudowik XVI bilen bilelikde 1793-nji ýylda jezalandyryldy. Sagat bolsa Brege ýogalandan dört ýyl soň, 1827-nji ýylda doly ýasalyp gutaryldy.
Sagat 823 sany bölek şaýdan ybarat bolup, düzüminde altyn, platina, ýakut we sapfir bar.
Sagadyň aýratynlygy - aňyrsyndaky mehanizmler görnüp duran billur dilleriniň bolmagydyr. Olar sagady, çärýek sagady we minutlary görkezýär. Şeýle hem önümde doly ýyla düzülen senenama, sekund görkezýän dil we termometr bar. Bu sagat öz döwri üçin öwrülişik hasaplanýar.

"Iň ownuk böleklerinde-de inçe inženerçilik yhlasyny hem-de bilime, gözellige wepalylygy, sergimizde we Wersalyň özünde gaýtalanýan ideallary özünde jemleýär" – diýip, Muzeýiň müdiri Ien Bletçford gürrüň berdi.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......