15-nji noýabrda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki wagty we geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada TmCars-a akademiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahata şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Litwanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda döwlet dolandyrylyşynda häzirki zaman ýörelgeleri we iň gowy tejribeleri, döwlet hyzmatlaryny hödürlemekde, gullukçylary saýlamakda emeli aň we awtomatlaşdyrmak, raýatlar we işewürlik üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini, sanlylaşdyrylmagyny gowulandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekilleri maslahatda ählumumy özgertmeler şertlerinde döwlet gullukçylarynyň başarnyklaryny ösdürmek, döwlet gullugynda ahlak gymmatlyklarynyň orny, döwlet gullukçylary taýýarlanylanda ulanylýan döwlet dolandyrylyşynyň tejribeleri meseleleri boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.