70 ýyl öňki hemra suratlary irki yslam döwrüniň möhüm söweşiniň bolan ýerini kesgitlemäge kömek etdi

  • 16.11.2024 18:43
  • 12k+

Darem uniwersitetiniň we Al-Kadisiýa uniwersitetiniň halkara arheologlar topary Al-Kadisiýa söweşiniň takyk bolan ýeriniň tapylandygyny habar berdi, bu söweş irki yslam taryhynda möhüm ähmiýetli söweş bolupdy. ABŞ-nyň emeli hemralarynyň fotosuratlarynyň 70 ýyldan soň köpçülige ýetirilmegi bu söweşiň bolan ýerini kesgitlemäge kömek etdi.

Biziň eýýamymyzyň 637–638-nji ýyllarynda bolup geçen Al-Kadisiýa söweşi yslamyň Arap ýarym adasynyň çäklerinden daşynda ýaýramagynyň möhüm tapgyry boldy. Arap musulman goşunynyň Sasanylar imperiýasynyň goşunyndan üstün çykmagy häzirki Yragyň we Eýranyň çäginde bu diniň ýaýramagyna ýol açdy.
Şu wagta çenli söweşiň takyk bolan ýeri näbelli bolmagynda galýardy. Barlag toparynyň ýobaşçysy doktor Uilýam Dedmen toparyň turuwbaşdan Darb Zubaýdanyň zyýaratçylyk ugruny öwrenendigini aýtdy.

"1970-nji ýyllaryň hemra suratlaryny häzirki zaman şekilleri bilen deňeşdirip, zyýaratçylaryň esasy duralgalarynyň birnäçesini kesgitläp bildik" – diýip, Dedmen belledi. Seljerme wagtynda garaşylmadyk ýagdaýda alymlar meşhur söweşiň bolan ýerini anyklamaga mümkinçilik berýän alamatlaryň üstünden bardylar.

Sebitiň seljermesi söweşiň Kufa şäheriniň 30 km günortasynda, häzirki Najaf welaýatynda bolandygyny görkezýär.
Dedmeniň sözlerine görä, bu açyş diňe bir geografiki ýerleşişini däl, eýsem, söweşiň bolan landşaftynyň aýratynlyklaryny hem anyklamaga mümkinçilik berdi.

"Bu açyş yslamyň ýaýramagynyň esasy pursatlaryna gaýdyp getirýär we taryhyň ugruny üýtgeden bu ýerde wakalaryň nähili ýaýbaňlanandygyny göz öňüne getirmäge kömek edýär" – diýip nygtady.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......