Hans-Diter Flik La Liganyň iň gowy tälimçi diýen ada mynasyp bolan ilkinji nemes boldy

  • şu gün 13:24
  • 1.9k+
Hans-Diter Flik La Liganyň iň gowy tälimçi diýen ada mynasyp bolan ilkinji nemes boldy

“Barselonanyň” baş tälimçisi Hans-Diter Flik Ispaniýanyň çempionatynda awgustyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Flik bu baýragy alan ilkinji nemes hünärmeni boldy diýip, Squawka habar berýär.

Flik şu möwsümden öň Hawi Ernandesiň ornuna geçip katalon klubuna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ispaniýa çempionatynyň dört başlangyç oýnunda jemi 13:3 tapawudy bilen, dört ýeňiş gazandy. Awgust aýynda “Barselona” “Walensiýany” (2:1), Bilbaonyň “Atletigini” (2:1), “Raýo Walýekanony” (2:1) we “Walýadolidi” (7:0) utdy.
Şeýle hem aýyň iň gowy tälimçisi diýen ada Luis Garsiýa (“Alawes”) we Marselino Toral (“Wilýarreal”) dagy hem dalaş etdiler.
Katalon kluby La Ligada 12 utuk toplap, “Realdan” 4 utuk öňde barýar.
“Barselona” indiki oýnuny 15-nji sentýabrda “Žirona” bilen oýnar.


şu gün 16:10
348

Maurisio Poçettino resmi taýdan ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Argentinaly Maurisio Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälimçi bellenildi, bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. 52 ýaşly hünärmen bilen şertnama ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek...

düýn 10:41
3.7k+

“Barselonanyň” öňki oýunçysy Depaý karýerasyny Braziliýanyň “Korintiansynda” dowam etdirer

Erkin agent bolan 30 ýaşly niderlandly hüjümçi Memfis Depaý Braziliýanyň “Korintians” kluby bilen şertnama baglaşdy. Brazil kluby muny resmi taýdan tassyklady diýip, euro-football.ru tassyklaýar. Çeşmäniň berýän...

09.09.2024 13:52
12k+

Mergen Orazow Lissabonda Roberto Martines bilen tälimçilik strategiýalaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Lissabonda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines bilen häzirki zaman futbolynyň möhüm meselelerini hem-de tälimçilik...

09.09.2024 13:38
3.1k+

Türkmen klublary üçin AFK ygtyýarnamalarynyň talaplary ýeňilleşdirildi

AFK türkmen klublary üçin halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ygtyýarnamalaryň talaplaryny ýeňilleşdirdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, 1-nji oktýabrda AFK-nyň ýaryşlarynyň 2025/26-njy...