Menni Pakýao 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ringe çykar

  • 10.06.2024 20:54
  • 10k+

Sekiz agram derejesinde boks boýunça öňki dünýä çempiony 45 ýaşly Menni Pakýao Rizin guramasynyň çempiony Tihiro Sudzukä garşy görkezme tutluşygyny geçirer, şondan soň WBC guşagy üçin titul söweşini geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada ESPN habar berýär.

Sudzuki bilen söweş 28-nji iýulda Saýtamada bolar, garşydaşlar 68 kg çenli agram derejesinde her biri üç minut dowam edýän üç raund söweşerler.
Pakýaonyň MP Promotions kompaniýasynyň ýolbaşçysy Şon Gibbons güýzde filippinli boksçynyň Las-Wegasda ýarym orta agramda (66,7 kg çenli) WBC tituly üçin Mario Barrios bilen söweşmek isleýändigini aýtdy.

 “Men taryhy döretmek isleýärin” – diýip, Pakýao belledi.

Pakýao karýerasynda 62 ýeňiş gazanyp, sekiz ýeňlişe sezewar boldy. 2021-nji ýylyň güýzünde boksdan çekilýändigini mälim etdi, ýöne şu ýyl Parižde geçiriljek Olimpiada gatnaşmaga synanyşdy, HOK onuň haýyşyny ret etdi.
Amerikaly Barrios 29 ýaşynda, onuň hasabynda professional ringde 29 ýeňiş we iki ýeňliş bar. Ol maý aýynda WBC-niň wagtlaýyn guşagyny gorady.


düýn 23:49
827

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

27.06.2026 14:53
9.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.7k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......