Içeri işler ministrliginiň “Galkan töleg” ykjam goşundysyndan PÝGG jerimelerini onlaýn görüp, töläp bolýar

  • 06.06.2024 07:43
  • 65k+

Içeri işler ministrligi Ýol gözegçilik gullugynyň jerimelerini onlaýn görnüşde görmäge hem-de tölemäge mümkinçilik berýän “Galkan töleg” ykjam goşundysyny işe girizdi.

Bu ykjam goşundynyň üsti bilen islendik adam awtoulagy barada maglumatlaryny girizip, bar bolan jerimeleri barada maglumaty görüp, şeýle hem Altyn asyr bank kartlarynyň üsti bilen töleg edip biler.
Ykjam goşundyda düzgün bozulmanyň senesini, salgysyny hem-de tölegini görüp bolýar.
“Galkan töleg” ykjam goşundysynyň üsti bilen diňe bir öz jerimeleriňi däl, eýsem, karar belgisi boýunça başga awtoulaglaryň hem jerimesini töläp bolýar.
Mundan başga-da ykjam goşundyda awtoulagyň eýeleri öňki tölenen jerimeleri barada hem maglumat alyp bilerler.
Häzirki wagtda Google Play-da Android smartfonlary üçin elýeterli bolan “Galkan töleg” ykjam goşundysy ýakyn wagtda iOS ulgamly smartfonlar üçin hem çykarylar.

“Galkan töleg” ykjam goşundysyny nädip ulanmaly?

  • Google Play-dan “Galkan töleg” ykjam goşundysyny telefonyňyza ýükläp almaly we hasaba girmeli;
  • Awtoulagyň Döwlet belgisini, Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň senesini, Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň belgisini girizip, sanawa goşmaly (Sanawa birnäçe awtoulagy goşup bolýar).

“Galkan töleg” ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salga basyň!
Habarlaşmak üçin: mail@mia.gov.tm


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......