Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasynyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi

  • 03.06.2024 02:28
  • 3.7k+

1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Şeýle-de mejlisde degişli döwürde gaznanyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň halkara derejede abraýynyň barha artýandygy nygtaldy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durlup geçildi. Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşuly nesilleri Ýaşulular geňeşiniň agzalary hökmünde ýerlerde alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. Şunda olar köp sanly çagalara operasiýalaryň geçirilendigini bellediler.
Ýakynda gazna tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge niýetlenendir.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....