Internetde täze Nissan Murano 2025-i görkezýän wideo peýda boldy

  • 26.05.2024 21:08
  • 11k+

Internetde täze  Nissan Murano 2025-iň ilkinji gezek örtüksiz görkezilýän wideosy peýda boldy. IXBT-iň ýazmagyna görä, krossoweriň dizaýnynda möhüm üýtgeşmeler bolup geçipdir, käbir böleklerinde Ariýadan we Kiksden nusga alypdyr.

V-Motion gözenegi ornuny akgynlylyk bilen biri-biriniň üstünde duran faralara geçip gidýän kese zolakly gözenege beripdir. Tapawutlandyryş belgisi ýükdanyň gapagyndan bampere geçipdir we yzky çyralar bolsa has inçelipdir.
Murano 2025-iň salony futuristik atmosfera eýe. Sanly gurallar panelini we Google tarapyndan goldanjakdygy habar berilýän maglumat ulgamyny birleşdirýän uly displeý dessine göze ilýär.
Täze ekranlardan başga-da, salonda Ariýa görnüşindäki howa çalşyjy deşikler, sesi sazlaýan uly düwme we fiziki düwmeli howa gözegçilik blogy bar.
Murano 2025 Pathfinder-de we Infiniti QX60-de hem ulanylýan täzelenen D platformasynda gurlar. Krossower 260 at güýjüni ösdürip, 3,5 litrlik V6 ýerine täze turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijini, şeýle hem yzygiderli üýtgeýän geçirişiň ýerine adaty dokuz tizlikli awtomatiki geçirijini alar diýlip garaşylýar.


08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....