Usik agram derejesine garamazdan The Ring-iň iň gowy boksçylar reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 25.05.2024 13:30
  • 13k+

“The Ring” žurnalynyň garaýşy boýunça, ukrainaly boksçy, super agyr agramda absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usik dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde agram derejesine garamazdan (P4P) birinji orna çykdy.

RBK-nyň habar berşi ýaly, bu boksçy Er-Riýadda Taýson Fýuriden üstün çykandan soň bolup geçdi, söweşiň netijesinde Usik ähli möhüm çempion guşaklarynyň eýesi boldy.
Usik birinji orundan ikinji iň ýeňil agramda (55,2 kg çenli) öňdebaryjy bolan ýaponiýaly Naoýa Inoueni gysyp çykardy. Inoue 9-njy maýda meksikaly Luis Neri bilen geçirilen söweşde ähli titullaryny goranyndan soň, “The Ring” reýtinginde birinji orny eýeläpdi.
Reýtingde üçünji orny ýarym orta agramda WBA, WBO we WBC çempiony amerikaly Terens Krouford eýeleýär.


15.06.2026 15:36
3.2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....