Türkmenistanda öz logotipiň bilen futbolka-kepkany nireden sargyt edip bolýar?

  • 12.05.2024 22:54
  • 14k+

Logotipiň ýa-da haryt nyşanyň oturdylan batnik-kepkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolkadyr kepkalary geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup durýar. Mundan başga-da, logotipli futbolkalar täze önümi tanatmagyň hem iň gowy usuly bolup durýar.  Adamlar haryt nyşanyny näçe köp görüp dursalar, şonça-da şol brend adamlaryň aňyna ornaşýar. Muny söwda hem hyzmatlar ulgamynda üstünlikli iş alyp barýan islendik adam tassyklap biler.
TmCars Habarlar bu gezekki materialynda öz logotipiň goýlan batnik-kepkalary amatly bahadan hem-de ýokary hilli nireden sargyt edip bolýandygy barada gürrüň berýär.
«Elegant» hususy kärhanasy söwda merkezlerine, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan firmalara, önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalara we başga-da isleg bildirýänleriň ählisine sargyt esasynda öz logotipi oturdylan futbolkalary, batnikleri hem-de kepkalary taýýarlap berýär.

Batnikleriň, kepkalaryň dizaýny müşderiniň islegine görä indiwidual taýýarlanylýar. Kompýuterde ilki önümiň dizaýny ylalaşylandan soň, müşderä br nusgada futbolka taýýarlanyp berilýär. Müşderi taýýar önümi eline alyp, doly tassyklandan  soň, sargydyň galan bölegi ýerine ýetirilýär.
Sargydyň iň az möçberi 50 sany bolmaly.
Sargytlar bir hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Logotipler iki görnüşde edilýär — dokma (wyşiwka) we döwülmeýän, sypmaýan nakleýka.

ONLAÝN HEM SARGYT EDIP BOLÝAR
«Elegant» futbolka-kepkalary onlaýn arkaly hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýar. Bu ýagdaýda «Elegant» müşderä öz logotipi oturdylan futbolka-kepkadan 3-4 nusga taýýarlap ugradýar.
«Elegant» hususy kärhanasy futbolkalarynyň, batnikleriniň, kepkalarynyň ählisini Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlaýar. Önümleriniň jana rahat hem göze gelüwli bolmagyny, bahalarynyň amatlylygyny kepillendirýär.
Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär.
«Zehinli çözgüt», «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun», Elite Elektronika, «Rahat öý» ýaly kompaniýalar, «City market», «Şazada», «Paýtagt», «Şerbet», «Täjir» ýaly marketler, «Shivaki», MacCoffee, söwda brendleri, «Central park», «Nescafe», «Saryja» ýaly kafe-restoranlar, «Esmo», «Ödül», «Salkyn», «Arakesme», «Elin», «Kuwwatly Halal» ýaly kärhanalar  öz işgärleri üçin «Elegant» hususy kärhanasyndan batnik-kepkalary aldylar.

Öz logotipiňiz oturdylan batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347


06.04.2026 11:49
15k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.7k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......