“Töleg” ykjam goşundysynda ähli bank kartlary arkaly hyzmatlara onlaýn töleg edip bolýar

  • 01.05.2024 12:19
  • 13k+

Öýjükli aragatnaşyk operatory (TmCell) üçin tölegler, Internet ýa-da IPTV üçin aýlyk tölegleri ýörite gidip tölemek hökman däl. Android hem-de iOS ulgamly smartfonlaryň ählisinde elýeterli bolan “Töleg” ykjam goşundysy bu tölegleriň ählisini öýde ýa işde oturan ýeriňde, ýolda barýarkaň ýeňillik bilen tölemäge mümkinçilik berýär.

Ykjam goşundy gije-gündiziň dowamynda 7/24 hereket edýär.
“Töleg” ykjam goşundysynda ýurdumyzda hereket edýän ähli bank kartlary (şol sanda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Rysgal bankynyň kartlary) arkaly töleg edip bolýar.

“Töleg” ykjam goşundysy arkaly şu hyzmatlara töleg edip bolýar:

  • - TmCell
  • - Telekom Internet
  • - AŞTU Internet
  • - AŞTU Telefon
  • - AŞTU IPTV
  • - Belet film
  • - Tut suw (19 l)
  • - Suw tölegi
  • - Jaý jemagat hyzmatlary

“Töleg” goşundysynyň üsti bilen 19 litrlik “Tut” suwlaryny hem sargyt edip, tölegini kart arkaly geçirip bolýar.
Şeýle hem ykjam goşundy, her aýyň ahyrynda Wi-Fi töleglerini etmedik ulanyjylara töleg etmegi ýatladyp durýar.
“Töleg” ykjam goşundysyny telefonyňyza ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we App Store.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....