Türkmenistanly küştçi Aýa Baýramowa dünýä çempionatynda bürünç medal aldy

  • 30.04.2024 11:52
  • 10k+

Türkmenabatdan 9 ýaşly Aýa Baýramowa küşt boýunça 10 ýaşa çenli kategoriýada geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy boldy. Çempionat Albaniýanyň Durres şäherinde 26-28-nji aprel aralygynda geçirildi diýip, Orient habar berýär.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Güljahan Öwlýakuliýewanyň şägirdi bolan Aýa (FIDE reýtingi - 1657) mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, haýran galdyryjy oýun görkezdi. Çempionatda altyn medaly Russiýadan Alisa Genrietta (FIDE baýdagy astynda çykyş edýär, 10 utuk, FIDE reýtingi 1883), kümüş medaly Hindistandan Şarwaanike (9 utuk, FIDE reýtingi - 1673) eýeledi.
Çempionatda ýene bir türkmen küştçüsi Dünýä Ruslanowa (FIDE reýtingi - 1634) ýedinji ýere düşdi.
Gyzlaryň arasynda 8 ýaşa çenli kategoriýada 5-nji orny 7 ýaşly Aýlar Hemraýewa  (FIDE reýtingi - 1476) eýeledi.

Dünýä çempionaty "Rapid" we "Blis" formatynda alty kategoriýada geçdi. Gyzlaryň arasynda 10 ýaşa çenli kategoriýada ýaryşa 41 küştçi gatnaşdy. Medal sany boýunça liderleriň arasynda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Wýetnamyň, Gazagystanyň we Hindistanyň wekilleri bar.


25.05.2026 15:19
2.2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.2k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......