Köpetdagyň eteginde ahalteke atlarynyň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

  • 26.04.2024 19:41
  • 11k+

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzyň tanymal atçylyk toplumlaryna wekilçilik edýän 20 atyň gatnaşmagynda ahalteke atlarynyň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.

Hersi 30 kilometrden, iki tapgyrdan ybarat uzak aralyga atly ýöriş beýikli-pesli ýerden geçdi. Bäsleşigiň başyndan bedewler ýüwrükligini görkezdiler.
Birinji tapgyry üstünlikli geçen bedewler weterinar lukmanlaryň barlagyndan soň, ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmaga goýberildi.
Uzak aralyga atly ýörişde öňdeligi eýelän bedewleriň görkezijileri birnäçe sekuntdy. Bellenilen ýoly has tiz geçen we pellehanada weterinariýa gözegçiliginde gowy netijeli bedewler kesgitlenildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçiriljek dabaralarda atlaryň uzak aralyga ýörişiniň ýeňijileri yglan ediler we sylaglanar.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....