Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty internet olimpiadasynyň netijelerini habar berdi

  • 22.04.2024 13:43
  • 5.9k+

Türkmen  döwlet  bedenterbiýe  we  sport  instituty  innowasion  tehnologiýalar  arkaly  bedenterbiýäni  we  sporty  ylmy  esasda öwrenmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiren internet olimpiadasynyň netijelerini yglan etdi.

Internet olimpiadasy 15-nji aprelde geçirilip, oňa Türkmenistanyň 12 sany ýokary okuw mekdebinden  jemi 81 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji orna, 4 talyp II orna, 4 talyp III orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.
«Ýaşlarymyz  geljege  uly  ynam  bilen,  sportda  ösüşler  sanly  ulgam  bilen»  at  bilen  geçirilen  internet  olimpiada  innowasion tehnologiýalar  arkaly  bedenterbiýäni  we  sporty  ylmy  esasda  öwrenmeklige,  ýaşlary  köpçülikleýin  bedenterbiýe  we  sport  bilen meşgullanmaga giňden çekmeklige, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige bagyşlandy.
Bäsleşik institutda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasy esasynda eýýäm 4-nji gezek geçirildi.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......