UEFA “Barselona” klubuna “PSŽ” bilen oýunda janköýerleriň hereketleri üçin jerime saldy

  • 21.04.2024 11:06
  • 17k+

“Barselona” klubuna Çempionlar ligasynyň “Pari Sen-Žermen” bilen birinji dörtden bir final oýnunda janköýerleriň özlerini alyp baryşlary üçin jemi 32 müň ýewro möçberde jerime salyndy. Bu barada UEFA-nyň saýtynda habar berilýär.

Oýun 10-njy aprelde Parižde geçip, Kataloniýa klubunyň 3:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
“Barselona” janköýerleriň jynsparaz hereketleri üçin 25 müň ýewro, pirotehnika üçin 2 müň ýewro we PSŽ-niň stadionyna ýeten zeper üçin 5 müň ýewro tölär.
Şeýle-de, ispan klubuna ýewrokuboklarda bir myhmançylykdaky oýun üçin janköýerlere petek satmak gadagan edildi, ýöne bu sanksiýa bir ýyl synag möhleti bilen togtadyldy.
16-njy aprelde geçirilen jogap oýnunda “Barselona” parižlilerden 1:4 hasabynda utuldy we ýaryşdan çykyp, geljek ýylda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatyna saýlanmak mümkinçiligini-de ýitirdi.

 


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......