Internetde öz-özüňi klonlamak hyzmaty işe girizildi

  • 21.04.2024 10:22
  • 6.4k+

Amerikanyň emeli aň (AI) önümlerini ösdürmäge ýöriteleşen Delphi başlangyjy adamyň sanly nusgasyny - sesi, daş sypaty we häsiýeti bilen birlikde “janly” dipfeýk döretmäge mümkinçilik berýän Clone yourself (Özüňi klonla) hyzmatyny hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär.

AI-klony blog ýazyp, podkast ýazgylaryna gatnaşyp, kitaplara ses berip, ýaýlymy alyp baryp we wideoçatlarda söhbetdeşlige gatnaşyp biler. AI-klonyň eýesine diňe “ekiztaýyna” iş tabşyryp, özi dynçlykdan lezzet alyp biler.
Klon döretmek üçin hyzmata ses ýazgyňy, suratyňy we sosial ulgamlara baglanyşygyňy ibermeli. Klon “hojaýynynyň” sözleýiş-boluş terzini we dünýägaraýşyny nusgalaýar diýip, Delphi aýdýar.
Klon döretmek bir sagada golaý wagt alýar. Synag görnüşi oňa düzediş girizip biljek müşderä iberilýär.
Mugt abuna klony çäkli ulanmaga mümkinçilik berýär: aýda 50 minut (daşky görnüş) we 100 000 söz (ses). Tölegli abuna ýazylmak (aýda 99$-dan başlap) çäklendirmeleri aýyrýar we bir wagtyň özünde 5 klona çenli ulanmaga mümkinçilik berýär. Olar sosial ulgamlarda we gyssagly habarçylarda, mysal üçin Telegram-da we Discord-da bir wagtda ulanylyp bilner.
Iri kompaniýalar we görnükli adamlar Delphi AI klonlaryny kömekçi hökmünde ulanýarlar. Olaryň arasynda Gollandiýaly DJ Sem Feldti we hindi lukmany Dipak Çoprany görkezmek bolar. Ikinjisi klonyna Zoom-da kärdeşleri bilen jaňlaşmagy tabşyrýar.


şu gün 12:35
1.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....