43 oýunlap ýeňilmedik: «Baýer» Ýewropanyň Top 5 ligasynyň rekordyny gaýtalady

  • 15.04.2024 14:25
  • 14k+

Lewerkuzeniň «Baýer» kluby Habi Alonsonyň ýolbaşçylygynda Bundesliganyň 29-njy tapgyrynda Bremeniň «Werderinden» 5:0 hasabynda üstün çykyp, uly ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş diňe bir «Baýere» Germaniýada möhletinden öň çempionlyk getirmän, eýsem, birnäçe taryhy üstünlikleri hem alamatlandyrdy.

«Farmasewtler» 119 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Bundesliganyň çempionlygyny gazandylar. «Baýer» bu kuboga eýe bolan 13-nji klub boldy. Şol bir wagtyň özünde, topar Bundesligada 2023/24-nji möwsümde ýekeje oýunda-da utulmady we ýaryşyň täze rekordyny goýdy. Opta statistika portalynyň habar bermegine görä, bu üstünlik öň 2013/14-nji möwsümde 28 oýunda ýeňilmedik «Bawariýa» degişlidi, şol wagt Mýunheniň kluby hut 29-njy tapgyrda bu yzygiderliligi ýitiripdi.
Mundan başga-da, «Baýer» ähli ýaryşlarda ýeňilmezek tapgyryny 43 oýna çenli uzaltdy we «Ýuwentusyň» 2011-2012-nji ýyllardaky rekordyny gaýtalady.


düýn 17:01
5.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....